logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMEN BITARAPLYGY-DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BINÝADY

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ösüşiniň taryhy, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky oňyn tejribesi häzirki wagtda dünýäde uly gyzyklanma döredýär, döwlet we jemgyýetçilik işgärleriniň, alymlaryň, halkara guramalaryň we syýasatşynaslyk merkezleriniň ünsüni özüne çekýär.

Türkmenistanyň Bitaraplygy taryhy geçmişden gözbaş alýar hem-de türkmenleriň parahatçylyk söýüjilik, myhmansöýerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik, özara düşünişmek, ylalaşyklylyk ýaly milli aýratynlyklaryna daýanýar. Bularyň ählisi biziň günlerimize çenli saklanyp galan däp-dessurlarymyzda, halkymyzyň we döwletimiziň dünýägaraýyş babatdaky gymmatlyklarynyň häzirki zaman ulgamynda, olaryň esasynda duran ýurdumyzyň ösüşiniň kanunçylyk üpjünçiliginde öz beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 20-ne Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Türkmen Bitaraplygy durnukly ösüşiň binýady» atly «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň müdiri Begmuhammet Meredow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Maksat Meredow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Energetika we inženerçilik desgalary» fakultetiniň mugallymy, Ýaşlar baýragynyň eýesi Meýrem Ýusubowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gazna saklaýjysy Amangül Gurbanowa dagy çykyş edip hemişelik Bitaraplygymyz barada giňişleýin gürrüň berdiler.