Balkan welaýat kitaphanasynyň Mejlisler zalynda Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Balkan welaýat we Balkanabat şäher komiteti bilen Balkan welaýat kitaphanasy bilelikde «Türkmen Bitaraplygy-parahatçylygyň kepili» atly maslahat geçirildi. Maslahatda Bitaraplyk syýasatymyzyň saýasynda milli demokratiýamyzyň dabaralanyşy, ýurdumyzyň dünýä derejesindäki abraýynyň beýik derejelere göterilişi, daşary syýasy diplomatiýamyzyň amala aşyrylyşy, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen düşünjäniň beýany dogrusynda welaýatymyzyň dürli hünärlerinde zähmet çekýän ildeşlerimiz çykyş etdiler. Dabaranyň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamalary bilen dünýäde iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda giňden belleniljek şanly 30 ýyllygy täze taryhy döwürde ata Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da berkitjek, halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik däplerini ýer ýüzünde şöhratlandyrjak seneleriň biri bolar diýip bellediler.
Balkan welaýat kitaphanasynyň Syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlar bölümi tarapyndan şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany, ýaňlanyp dur parahatlyk mukamy» ady bilen gurnalan sergini maslahata gatnaşanlar uly höwes bilen synladylar.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz durmuşyň ähli ulgamlarynda bedew bady bilen öňe barýar. Ýurdumyzyň her bir güni şanly wakalar bilen taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar.
Maslahatyň ahyrynda Watanymyzy mundan beýläk gülledip ösdürmek babatda döwlet ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyşlaryny beýan etdiler.