logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMEN BITARAPLYGYNYŇ ŞÖHRATLY MENZILLERI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölüminiň guramagynda “Türkmen Bitaraplygynyň şöhratly menzilleri” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik.

Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölüminiň guramagynda ”Türkmen Bitaraplygynyň şöhratly menzilleri” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligi “Altyn asyr” teleýaýlymynyň redaktory Nowruz Güýjow alyp bardy. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti “Türkmen dünýäsi” gazetiniň jogapkär kätibi D.Agalyýew, Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçylary A.Şirliýewa we E.Hüseýinowa çykyş edip, Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda beýik ösüşleriň täze tapgyrlary, ýetilen sepgitler, durmuşyň dürli ugurlarynda gazanylan we gazanylýan üstünlikler barada gürrüň etdiler. Şeýle-de dünýä halklarynyň arasynda parahatçylygyň, özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň ygtybarly ýola goýulmagyna oňyn täsir edýändigini buýsanç bilen belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler döwletimiziň halkara abraýyny ösdürmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek ugrunda alyp barýan beýik işlerinde Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza rowaçlyklary arzuw etdiler.