logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMEN BUÝSANJY-DANA PYRAGY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümiň okalga zalynda “Türkmen buýsanjy-Dana Pyragy” atly kitap sergi gurnaldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrlan ýylymyzda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda bölümiň işgärleriniň gatnaşmaklarynda “Türkmen buýsanjy-Dana Pyragy” atly kitap sergisi gurnaldy we sergä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmen Paýhasynyň synmaz sütüni” atly ajaýyp kitapda:–Magtymguly türkmen edebiýatynyň, türkmen halkynyň taryhynda öçmejek yz galdyran äleme belli beýik şahsyýetdir. Muny Alym Arkadagymyzyň: “Bu günki gün adamzat türkmen halkynyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belentde tutup, beýik söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç alýar” diýen pähim-paýhasa ýugrulan sözleri-de tassyklaýar–diýip, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly baha berilýär.

Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, ona aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.