logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMEN DIÝARYNA NOWRUZ GELIPDIR!

TÜRKMEN DIÝARYNA NOWRUZ GELIPDIR!

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasy «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda bellenilen meýilnama esasynda Halkara nowruz baýramyna bagyşlap «Türkmen Diýaryna Nowruz gelipdir!» ady bilen baýramçylyk kitap sergisi we söhbetdeşlik geçirildi. Bu sergi esasan hem talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi. Çärämiziň başynda kitaphana hünärmenleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: Gündogar halklarynyň durmuşynda aýratyn orny eýeleýän Nowruz ynsanperwerligiň, agzybirligiň hem-de dost-doganlygyň baýramydyr. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri ony giňden bellemek bilen, şöhratly ata-babalarymyzyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny yzygiderli kämilleşdirip gelipdir. Galkynyşyň, gülleýişiň we täzelenişiň baýramy bolan Nowruz halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň kemala gelmeginde aýratyn ähmiýetli bolupdyr. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerinde bu baýram bilen bagly däp-dessurlar giňden berjaý edilipdir” diýen parasatly jümlelerini buýsanç bilen ýatladylar we Nowruz baýramynyň döreýşini, bellenilýän senesini giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem Ata-babalarymyzyň Nowruz baýramy gelende “Ýer gyrasyndan garrar”, “Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli”, “Nowruz geçse buz durmaz”, “Nowruzdan soň gyş gelmez”, ýaly aýtgylary we nowruz yrymlary barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda Nowruz baýramy barada talyplar özlerini gyzyklandyrýan soraglary boýunça sorag jogap arkaly pikir alyşdylar we ýazyjy şahyrlaryň Bahar pasly hem-de Nowruz baýramy hakyndaky şygyrlaryny labyzly okamak arkaly dowam etdirdiler. Gündogaryň meşhur akyldarlary Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Nurmuhammet Andalybyň, Abu Reýhan Birunynyň, Omar Haýýamyň, Alyşir Nowaýynyň, Abdyrahman Jamynyň, Firdöwsiniň, Mahmyt Kaşgarlynyň we beýleki nusgawy şahyrlaryň eserlerinde Nowruz baýramynyň taryhy ähmiýeti çuňňur pahim-paýhas bilen beýan edilýär. Akyldar Şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň “Jahan peýda” goşgusynda şeýle setirler bar:

Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,
Ebirler awaz urup, dag kylar duman peýda.
Bijanlar jana girip, ederler dahan peýda,
Görmedigiň giýäler gögerip rowan peýda,
Ederler haýwanatga hem sudy-zyýan peýda,
Ýer ýüzünde ýaýylyp, ýörirler nahan peýda,
Wabesde dahan guşlar kylarlar zyban peýda
***

Akyldar atamyz Magtymguly Pyragy bu goşgusynda täzelenişiň baýramy bolan Nowruzyň tarypyny ussatlyk bilen beýan edýär.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.



Maral NURYÝEWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri