logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMEN DÖWLET GURJAK TEATRYNDA TÄZE MÖWSÜM BADALGA ALDY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmen Döwlet gurjak teatrynyň täze möwsüme badalga almagy mynasybetli geçirilen dabara göçme kitap sergisi bilen gatnaşdy. Teatryň girelgesinde guran sergimiz esasyny Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary hem-de çeper eserler, çagalaryň söýgüli ertekili kitaplary çärä gatnaşmaga gelen körpejelerde aýratyn täsir galdyrdy. Kitaphana hünärmenleri ýaş nesilleri terbiýelemeklikde kitabyň orny we ertekilerdir, rowaýatlaryň ähmiýeti dogrusynda beren gürrüňleri körpe kitapsöýüjiler gyzyklanma bilen diňlediler. Ýurdumyzda ertirimiziň eýeleri bolan ýaş nesiller barada durmuşa geçirilýän beýik işler dogrusynda «Ýaşlyk» teleýaýlymynda kitaphana hünärmenleriniň söhbetdeşliklerinde hem buýsançly gürrüňler beýan edildi.

Çäräniň ahyrynda diýarymyzy çagalaryň iň arzyly arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurduna öwürmeklikde uly tagallalary alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdyldy.