Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dostlukly döwletler, abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary we talyplary, "Halkara teatr birleşiginiň konfederasiýasy" jemgyýetçilik birleşmeleriniň halkara bileleşigi tarapyndan 2026-njy ýylyň 23-nji oktýabryndan, 3-nji noýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde Halkara Akustika teatr mekdebi taslamasynyň çäklerinde geçirilen okuw maksatly sessiýasynyň 4-nji jemleýji tapgyryna gatnaşdylar. Bu halkara taslama Teatr birleşikleriniň halkara konfederasiýasy tarapyndan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň gumanitar hyzmatdaşlyk gaznasynyň goldamagynda guraldy.
Halkara teatr birleşiginiň konfederasiýasy — dünýäniň dürli ýurtlaryndaky teatr guramalaryny, aktýorlary we sahna sungaty bilen meşgullanýan adamlary birleşdirýän halkara guramadyr. Bu guramanyň esasy maksady teatr sungatyny ösdürmek, ýurtlaryň arasynda medeni hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we teatr işgärleriniň arasynda tejribe alyş-çalyşygyny ýola goýmakdyr. Şeýle çäreler arkaly dürli medeniýetleriň wekilleri biri-biri bilen tanyşýarlar. Şeýle hem, ýaş zehinleri goldamak, täze aktýorlary we režissýorlary ýüze çykarmak konfederasiýanyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu halkara taslama GDA ýurtlarynyň teatr ussatlarynyň we talyplarynyň özara tejribe alyşmagyna, dürli halklaryň milli medeniýetini hem-de däplerini öwrenmäge ýardam berýär. Bu taslama okuw sessiýalarynyň netijesi esasynda, gatnaşyjylaryň we tejribeli mugallymlaryň rowaýatlara esaslanýan täze sahna eserlerini bilelikde taýýarlap görkezmekden ybaratdyr.
Türkmenistanyň teatr we medeniýet wekilleri, aýratyn hem Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary we talyplary bu halkara mekdebiň okuw sessiýalaryna işjeň gatnaşýarlar. Şeýle döredijilikli okuwlaryň, çäreleriň yzygiderli geçirilip durulmagy, dost-doganlyk gatnaşyklarynyñ has-da berkemegine giň ýol açýar.