logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMEN DÖWLET ÝÖRITE ÇEPERÇILIK MEKDEBINIŇ SURATKEŞ MUGALLYMLARYNYŇ TOPARLAÝYN SERGISI GEÇIRILDI

TÜRKMEN DÖWLET ÝÖRITE ÇEPERÇILIK MEKDEBINIŇ SURATKEŞ MUGALLYMLARYNYŇ TOPARLAÝYN SERGISI GEÇIRILDI

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly mynasybetli, Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň suratkeş mugallymlarynyň toparlaýyn sergisi geçirildi.

Sergide, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň suratkeş mugallymlarynyň sungat eserlerinden Durdyýew Döwletgeldiniň «Peýzaž Derek», Meredowa Aýjereniň «Daýhan oglan», Hojamämmedow Meýlisiň «Erkin atlar», Akmuhammedow Öwezmuhammediň «Narlar», «Düýş», Toýlyýew Laçiniň «Halyçy gelin», Ataýew Şagylyjyň «Tutly gala», «Aşgabat şäheri», Çaryýew Berdiniň «Akmaýalar», «Omar Haýýam», Babatäjow Gurbanyň «Harmandäli», «Agaýunus peri», Sytdyhow Alynyň «Halyçy gyz», Gurbanow Ylýasyň «Pyragy», «Ussa», Goçmyradow Mäligiň «Ene mahri», «Mukaddes ojak», Çopanow Toýlynyň «Gündogar bazary», «Şasenem», Myradowa Gunçanyň «Joralar», «Şapak», «Päk söýgi», Ýarmämmedow Seljugyň «Şapak», Mämmetberdiýew Abdyllanyň «Soňky aw», «Geňeş», Berdiýew Baýgeldiniň «Köneürgenç howly», Aşyrgeldiýew Amanmuhammediň «Merw», Baýramow Atajanyň «Düýeler», Çaryýewa Mähriniň «Dilber», Lallykow Öwezmyradyň «Dostlar», «Obadaky pursatlar», Orazalyýew Şageldiniň «Hatyjanyň portreti», «Güýz» eserleri bellenmäge mynasypdyr. Suratkeş mugallymlaryň döreden sungat eserleriniň ählisinde türkmeniň mukaddes duýgusy bolan watandarlyk duýgusy, milli peýzažlar, buýsançly taryhymyz, ruhy sütünlerimiz çeper beýan edilýär. Nakgaşçylyk taslamalarynyň aglabasynda ýagty reňkleriň kömegi bilen durmuşyň ajaýyp wakalarynyň we pursatlarynyň beýan edilmegi sergä aýratyn öwüşgin çaýdy. Sungat eserleriniň ählisinde çeperçilik akymlarynyň sazlaşykly ulanylmagy suratkeşleriň ussatlygyny açyp görkezýär. Sergide ussat suratkeşleriň 98-den gowrak nakgaş, miniýatura eserleri görkezilýär.

Sergi öz işini 10 gün dowam eder