logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

“Türkmen edebiýaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly döredijilik duşuşygy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bilelikde guramaklarynda, “Aşgabat” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Türkmen edebiýaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler, Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen edebiýatynda yz goýan ussat ýazyjy-şahyrlarymyza uly sarpa goýulýandygyny buýsanç bilen bellediler. Şeýle-de ösüp gelýän ýaş nesliň kitaphanalarda edebiýatymyzy, milli mirasymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy açyp görkezýän kitaplary yzygiderli okaýandyklaryny, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerini özleriniň ýan kitabyna öwrendikleri, ýurdumyzda giňden bellenýän şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli geçiriljek çäreler, maslahatlar hakynda täsirli söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda kitaphana we döredijilik işgärleri, ýurdumyzy ösüşleriň ak ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.