logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMEN EDEBIÝATYNYŇ ZERGÄRI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Ylham» seýilgähinde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli «Türkmen edebiýatynyň zergäri» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň hem-de Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň eýesi, şahyr Gurbannazar Ezizow türkmen edebiýatynyň şygryýetiniň ösmegine çuň mazmunly goşgulary bilen baýlaşmagyna uly goşant goşan, hakydalarda hemişelik orun alan, döredijiligi halkymyzyň öçmejek mirasyna öwrülen meşhur şahyrdygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gurbannazar Ezizowyň çuňňur durmuş pelsepelerine ýugrulan şygyrlary indi ençeme ýyllar bäri Watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň, gözelligiň aýdymyna öwrülip, halkyň kalbynda baky orun alandygy barada, şeýle-de Gurbannazar Ezizow «Ýazyň-güýzüň şahyry» diýip tanalýandygy, ýöne ol Watanyna, ene-topragyna, adamlara bolan söýgüsini gursagynda göterip gezeni üçin oňa söýgüniň şahyry hem diýilýändigi barada beýan etdiler.

Çäräniň dowamynda şahyryň birnäçe şygyrlaryndan labyzly okaldy we gurnalan göçme kitap sergisi bilen tanyşdyryldy.

Çäräniň ahyrynda ýazyjy-şahyrlaryň ömri-döredijiligini giňden öwrenmäge, wagyz etmäge, ýaş nesillere ýetirmäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.