HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY TAMAMLANDY
25-nji noýabrda Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz Gazagystana döwlet sapary bilen bardy. Döwlet Baştutanymyzyň dostlukly ýurda şu gezekki sapary iki doganlyk halkyň taryhyň dowamynda emele gelen umumylygyna daýanýan özara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädimdir.
Ir bilen hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni “Akorda” köşgüne bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Soňra Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň resmi wekiliýetiniň, gazak Lideri bolsa Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyryldy. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew ýörite niýetlenen münbere geçýärler. Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanýar. Döwlet Baştutanlary nyzama düzülen esgerleriň öňünden geçdiler hem-de Gazagystan Respublikasynyň Döwlet baýdagyny sarpaladylar.
Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Gazagystanyň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Gazagystana gelendigi üçin hoşallygyny beýan etdi we hormatly Prezidentimiziň şu gezekki döwlet saparynyň däp bolan dostlukly gazak-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, Gazagystanda Türkmenistana doganlyk goňşy döwlet we strategik hyzmatdaş hökmünde garalýar. Ýurtlarymyzy köpasyrlyk dostluk, taryhyň, diliň, medeniýetiň umumylygy baglanyşdyrýar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda strategik hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilýär. Gazagystan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasatyna hem-de parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen netijeli halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary bilen gelmäge çakylyk, şeýle-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan etdi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
«Türkmenistan» gazeti