logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMEN HALK ERTEKILER

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde ýaş nesillerde çeper edebiýatlara bolan höwesini artdyrmak maksady bilen «Türkmen halk ertekiler» atly türkmen halk ertekilerniň gahrymanlarynyň suratyny çekmek boýunça bäsleşik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk aladalary netijesinde bagtyýar ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar ýaşamagy, doly derejede dynç we bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy, bilimli, giň dünýägaraýyşly, terbiýeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu maksatlar bilen, körpeje çagalarymyz okuw sapaklaryndan daşary özleriniň ukyp başarnyklary bolan surat çekmek bilen gyzyklanýan okyjylarymyz Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna gelip türkmen halk ertekiler bolan kitaplary okap hem-de şolaryň gahrymanlaryny surata geçirýärler. Şol maksat bilen hem kitaphana yzygiderli gatnaýan göreldeli okyjylarymyzyň arasynda özleriniň okan dürli ertekili kitaplarynyň gahrymanlaryny çekmek maksady bilen bäsleşik geçirildi.

Bäsleşigiň dowamynda baýrakly orunlara mynasyp bolanlar ýaş okyjylarymyza kitaphananyň adyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda bagtyýar çagalaryň okamagy, öwrenmegi hem-de özleriniň ukyp başarnyklaryny açyp görkezmekde hem birnäçe mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri üstünliklere beslensin!