Golaýda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy tarapyndan Ahal welaýatynyň Änew şaherindäki ýöriteleşdirilen 20-nji çagalar bagynda “Türkmen halk ertekileri” atly sesli okaýyş geçirildi.
Kitaphananyň hünärmeni ertekiler barada çagalara gyzykly gürrüňleri berdi. Söhbetdeşligiň dowamynda körpelere ertekileriň gahrymanlary, olary tanamak boýunça hem täsirli gürrüňleri berdiler. Şeýle hem, söhbetdeşlikde ertekilerdäki ýagşy we ýaramaz gylyk-häsiýetli gahrymanlaryň başdan geçirýän wakalary esasynda çagalara, durmuşda dost-doganlyk gatnaşykda bolmagyň, çagalar bagynda we hemişe bir-birege kömek etmegiň adamkärçiligiň belent nusgasydygyny düşündirdiler.