logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMEN HALK ERTEKILERI DÜNÝÄ DILLERINDE

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Türkmen halk ertekileri dünýä dillerinde” atly kitaphana syny geçirildi.

Kitaphana synynda çykyş edenler türkmen halk ertekileri müňýyllyklaryň dowamynda dilden-dile geçip gelen gymmatly hazynamyz bolup durýar. Ertekiler türkmen halkynyň durmuş ýörelgelerini, ahlak kadalaryny, akyl-paýhasyny we ruhy dünýäsini şöhlelendirýär. Soňky ýyllarda türkmen halk ertekileri dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, dünýä okyjylaryna ýetirildi. Bu bolsa türkmen medeniýetiniň we ruhy mirasynyň halkara derejesinde giňden tanalmagyna mümkinçilik döretdi. Iňlis, fransuz, pars, türk we başga-da birnäçe dillerde çap edilen türkmen ertekileri dünýä halklarynyň arasynda dostlugy we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat edýändigi barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Çykyş edenler kitaphana synynyň ahyrynda ähli mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il – ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.