Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi bilen bilelikde gurnamagynda «Türkmen halk ertekileri» esasynda sowal-jogap bäsleşigi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Gökderäniň goýnunda bagtyýar körpeleriň gowy dynç almagy üçin birnäçe ak mermerli, owadan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň hereket edýändigini, we wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de bu ýerde türkmen halk ertekilerinden birnäçe gyzykly ertekilerden okap berdiler.
Çäräniň dowamynda türkmen halk ertekileri esasynda sorag-jogap bäsleşigi geçirildi. Geçirilen bäsleşigiň ahyrynda ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Çäräniň ahyrynda ýaş nesilleriň wagtlaryny şatlykly geçirmekleri üçin atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.