logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Türkmen halk ertekileri

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökderedäki “Altyn sümmül” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Türkmen halk ertekileri» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we çeper okaýyş geçirildi.

Geçirilen çeper okaýyşda ata Watanymyzyň ýaş nesilleriniň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, döwrebap bilim-terbiýe almaklary, Watansöýüji, zähmetsöýer bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilendigi barada buýsançly gürrüň berdiler. Şeýle-de çagalar üçin niýetlenip çap edilen kitaplar esasynda göçme kitap sergisi guralyp bu sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri we Türkmen halk ertekileri ýerleşdirildi hem-de çagalar bilen sowal-jogap alyşdylar.

Çäräniň ahyrynda ýurdumyzda bagtyýar nesilleriň şadyýan gülki sesleriniň hemişe ýaňlanyp durmagy ugrunda bimöçber aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.