logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Türkmen halk ertekileri

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda Türkmen halk ertekileri kitabyndan sesli okaýyş geçirildi.

Geçirilen sesli okaýyşda ýaş nesillere Türkmen halk ertekileri kitabyndan dostluk-doganlyk, haýyr-sahawat, ynsanperwerlik bilen baglanşykly ertekileri sesli okap berdiler we many-mazmuny hakynda giňişleýin düşündirdiler. Şeýle-de kitapda beýan edilen rowaýatlar çagalarda we ýetginjeklerde ynsanperwer duýgularyny we düşünjelerini artdyrmakda uly ähmiýetiniň bardygy hakynda bellediler.

Çäräniň ahyrynda bagtyýar nesillerimiz barada uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.