Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň 12-nji çagalar bagynyň mekdebe taýýarlaýyş toparynda “Türkmen halk ertekileriň terbiýeçilik ähmiýeti” atly türkmen halk ertekilerinden “Böwenjik” ertekisini gürrüň berdi. Hünärmen körpeje balalar bilen erteki boýunça sorag-jogap etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda körpeler erteki gahrymanlary suratlandyrmak, olary tanamak boýunça gürrüň etdi.
Söhbetdeşlikde ertekilerdäki ýagşy, erbet gylyk häsiýetli gahrymanlaryň başdan geçirýän wakalary esasynda çagalara durmuşda dostluk-doganlyk gatnaşykly bolmagy, her bir ýerde çagalar bagynda, mekdebe baranlarynda hem bir-birege kömek etmegini, hiç wagt ýalan sözlemezligi dogruçyl bolmagy düşündirdi.