Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň 15-nji çagalar bagynda «Türkmen halk ertekilerine gezelenç» atly çeper okaýyşy geçirdi.
Kitaphanaň hünärmeni türkmen halk ertekilerinden çagalara gyzykly gürrüňleri we ertekili kitaplary okap berdi. Çagalar ertekileri uly gyzyklanma bilen diňläp, kitaphanaň hünärmeni bilen sorag - jogap alyşdylar. Hünärmen söhbetdeşlikde ertekilerdäki ýagşy hem-de ýaramaz gylyk-häsiýetli gahrymanlaryň başdan geçirýän wakalary esasynda, çagalara durmuşda dost-doganlyk gatnaşykly bolmagy, hemme ýerde çagalar bagynda, mekdebe baranlarynda hem bir-birege kömek etmegi, hiç wagt ýalan sözlemezligi, dogruçyl bolmagy düşündirdi. Tema boýunça ertekili kitaplaryň sergisi hem gurnaldy.