logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Türkmen halk ertekilerine syýahat

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary Türkmenabat şäherindäki 61-nji çagalar bakja-bagynda “Türkmen halk ertekilerine syýahat” atly gürrüň geçirdi. Ertekileriň esasy maksady, olardaky baş gahrymanlaryň edermenligi, şeýle-de çagalary terbiýelemekdäki uly orny barada täsirli, gyzykly gürrüňler berdiler. Ertekileriň gahrymanlary barada çagalaryň arasynda sorag-jogap alşyldy. Ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil düşünjeli, sagdyn ruhly ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn.