logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMEN HALK ERTEKILERI–NESIL TERBIÝESINDE

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Aşgabat şäherindäki 23-nji çagalar bagynda «Türkmen halk ertekileri–nesil terbiýesinde» atly gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde türkmen halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan türkmen halk ertekileri nesil terbiýesinde ornunyň örän uludygy barada belläp, ertekilerde halallyk, ynsaplylyk, ynsan güýjüne, paýhasyna daýanmak, hoşgylawlylyk, sadalyk, dogruçyllyk, namysjaňlyk, edep-ekramlylyk ýaly asylly sypatlaryň ýüzlerçesi eriş-argaç bolup geçýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Türkmen halk ertekilerindäki dürli häsiýetli gahrymanlaryň türkmene mahsus asylly sypatlary, ýaş nesilleriň aňlarynyň, düşünjeleriniň sagdyn ösmeginde terbiýeçilik ähmiýetiniň örän uludygyny aýtdylar. Gürrüňdeşligiň dowamynda körpeje nesilleriň arasynda birnäçe türkmen halk ertekilerinden okalyp berildi we ertekilerdäki haýsy gahrymanlaryň keşplerinde bolmak isleýändikleri barada pikir alşyldy.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzyň aýrylmaz bir bölegi bolan türkmen halk döredijiliginiň dürli görnüşlerini ýaş nesillere ýetirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözleri aýdyldy.