logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMEN HALK MATALLARY KITABY ESASYNDA

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 97-nji çagalar bagynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllary üçin döwlet maksatnamasy» esasynda «Türkmen halk matallary» kitaby esasynda sowal-jogap bäsleşigi geçirildi.
Çärede çykyş edenler matallar türkmen halk döredijiliginiň iň gyzykly we özboluşly görnüşleriniň biri bolup, matallaryň çaga terbiýesine çuňňur täsir etmäge ukybynyň bardygyny müňlerçe ýyl ozal akyl ýetirip, ony özleriniň ýaşaýyş-durmuş we edep-terbiýe mekdebine ymykly ornaşdyrandyklary hem-de çagalaryň çalt pikirlenmeklerini, ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmakda, ýatkeşliginiň we ugurtapyjylygynyň ösmegine uly täsir edýändigi barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda çagalaryň söýgüli ertekileri, tapmaçalary we matallary esasynda birnäçe sowal-jogap alyşdylar.
Çäräniň ahyrynda bagtyýar nesillerimiziň geljegi ugrunda atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.