logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Türkmen halk matallary

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda 2-nji çagalar bagynda «Türkmen halk matallary» kitaby esasynda gürrüňdeşlik geçirildi.

Çärede ýaş nesillerde päklik, ahlaklylyk, edermenlik duýgularyny oýarmakda birnäçe kitaplaryň ornunyň uludygyny, aýratynam türkmen halk döredijiliginiň gadymy we baý görnüşi bolan matallar körpeleriň akyl-paýhasyny we pikirlenmek ukybyny ösdürýändigi, çaganyň bilesigeljiligini we daş-töwerege bolan garaýşyny giňeldýändigi barada aýtdylar. Şeýle-de körpeleriň söýgüli ertekileri, tapmaçalary we matallary esasynda özara sowal-jogap alyşdylar.

Çäräniň ahyrynda bagtyýar nesillerimiziň geljegi ugrunda atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarmyza alkyş sözlerini aýtdylar.