logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«TÜRKMEN HALKYNYŇ DESSANÇYLYK DÄPLERI: TARYH, NAZARYÝET, TEJRIBE» ATLY SEMINAR MASLAHATY GEÇIRILDI

Müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmek hem-de ylmy taýdan beýan etmek maksady bilen döredilen iş topary tarapyndan 2025-2026-njy ýyllarda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy esasynda 2025-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynda “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Bahargül Ýakubowanyň gurnamagynda “Türkmen halkynyň dessançylyk däpleri: taryh, nazaryýet, tejribe” atly seminar maslahaty geçirildi. Bu maslahata Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň mugallymlary we talyplaryndan başga-da, Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinden, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinden, Türkmen döwlet Medeniýet institutyndan, Türkmen Döwlet çeperçilik akademiýasyndan, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndan myhmanlar gatnaşdylar.

Maslahatyň başynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Bahargül Ýakubowa giriş sözi bilen çykyş etdi. Indiki nobaty Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň “Türkmen edebiýaty” kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Araznepes Mämmetjumaýew “Zöhre Tahyr” ýordumyndan ýazylan dessanlar” atly temasy bilen çykyş etdi. Maslahatyň dowamynda konserwatoriýanyň “Türkmen sazy” kafedrasynyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory Çaryýar Jumaýew “Türkmen bagşylarynyň ýerine ýetirijiliginde “Görogly” eposynyň “Bezirgen” şahasy”, Türkmen Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Nurýagdy Ýagşymyradow “Şekillendiriş sungatynda dessanlara berlen orun”, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň “Türkmen edebiýaty” kafedrasynyň müdiri, uly mugallymy Aýgül Gurbanowa “Türkmen dessanlary we gündogar halklarynyň epiki döredijiligi”, Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň “Guramaçylyk işi” kafedrasynyň mugallymy “Dessanlardan aýdylýan tirme aýdymlar”, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazyň taryhy” kafedrasynyň müdiri, uly mugallymy Bahargül Ýakubowa “Mollanepesiň “Zöhre-Tahyr” dessanyndaky halk aýdymlar”, konserwatoriýanyň “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Gülnabat Ataýewa “Dessançy bagşy Kerwen Ýowbasarowyň ýerine ýetirijiliginde “Görogly” eposynyň “Öwez öýlenen” şahasy”, Türkmen Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň uly mugallymy Ýazgül Ýusupowa “Türkmenistanyň grafika we nakgaşçylyk sungatynda dessanlaryň beýany”, konserwatoriýanyň “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Güýçmyrat Gurbandurdyýew “Türkmen saz sungatynda “Saýatly-Hemra” dessany”, Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň “Medeni miras” fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Bazargeldi Gazakow “Häzirki zaman türkmen folklorynda “Görogly” eposynyň elementleriniň ulanylyşy”, konserwatoriýanyň “Sazşynaslyk” hünäriniň 5-nji ýyl talyby Joraýewa Jeýran “Uzuklar” sazly rowaýatynyň professional döredijilige aralaşmagy” atly gyzykly temalary bilen çykyş etdiler. Çykyşlaryň arasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Bagşyçylyk sungaty” kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Kerwen Ýowbasarow “Görogly” eposyndan bir parça ýerine ýetirdi. Maslahatyň dowamynda talyp ýaşlar öz gyzyklanýan soraglaryny halypa mugallymlara berip sorag-jogap alyşdylar. Maslahatyň ahyrynda ähli çykyş edenlere köp minnetdarlyklaryny bildirip, sag bolsunlaryny aýtdylar.


Ogulnur Nazarowa

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 4-nji ýyl talyby