logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BALYGY ARKADAG ŞÄHERINE IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BALYGY ARKADAG ŞÄHERINE IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY

22-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen we milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylan künjegi bolan Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we şäheriň aragatnaşyk düzüminiň döwrebap derejede kämilleşdirilmegine ak patasyny berdi.

Milli Liderimiziň başlangyjyndan we yzygiderli tagallasyndan binýat bolan täze şäher ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýar. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň gurluşyk senagatynda amala aşyrylýan işler hem häzirki döwrüň talabyna doly laýyk gelýär.

Gahryman Arkadagymyz ir bilen täze şähere geldi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işler we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň enjamlaşdyrylyşy, seýilgäh zolaklarynda oturdyljak oturgyçlaryň we beýleki serişdeleriň görnüşleri barada hasabat berdiler.

«Türkmenistan» gazeti