5-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Häzirki döwürde Arkadag şäherindäki işler talabalaýyk dowam edýär. Şunda şäheriň ähli düzümlerinde öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini esasy ugur edinýän işler amala aşyrylýar. Şol bir wagtyň özünde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde Türkmenistan halkara giňişlikde bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde eýeleýän derejesini pugtalandyrýar.
...Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasyna geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň hem-de wise-prezidenti R.Bazarowyň, hukukçy M.Hojamberdiýewanyň we beýlekileriň gatnaşmagynda gaznanyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri mejlisde gaznanyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine garaljakdygyny aýdyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm çäresi bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýuna taýýarlyk görülýändigini, Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň ýokary derejede, giňden belleniljekdigini nygtady. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy ösdürmek ugrunda möhüm ähmiýetli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň eşretli we döwrebap durmuşyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işleriň netijesinde eziz Diýarymyzda bu gün uly üstünlikler gazanylýar. Bularyň ählisi Garaşsyz Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Gahryman Arkadagymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda Diýarymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilen köp sanly çäreleriň guralandygyny belläp, ýokary derejede geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ähmiýetli resminamalaryň kabul edilendigine ünsi çekdi.
«Türkmenistan» gazeti