21-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine gelip, bu ýerde täze şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy teklip edilýän döwrebap desgalaryň şekil taslamalary hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Şu günler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy esasynda binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşyklary batly depginlerde alnyp barylýar. Bu bolsa ýurdumyzda başy başlanan asylly işleriň depginleriniň barha ýokarlanýandygyny görkezýär.
“Akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen täze şäheriň özboluşly binagärlik aýratynlyklary, onuň ýokary ekologik derejesi ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň toplumlaýyn esasda amala aşyrylýandygyny alamatlandyrýar. Bu ýerde täze şäheriň gün-günden gözelleşmegine oňyn täsirini ýetirýän giň möçberli işler ýerine ýetirilýär. Bu bolsa şäher ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegi ugrunda döwlet derejesinde edilýän tagallanyň aýdyň netijesidir.
...Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwrüň nusgalyk şäheri derejesine eýe bolan Arkadag şäherine geldi.
Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, täze şäherde ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljek ýerine bardy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen we ýurdumyzyň ekologik derejesiniň has-da sagdynlaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan ählihalk bag ekmek dabarasyna işjeň gatnaşygyň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi. Şunda bu künjegiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, yssy we sowuk howalara çydamly, elmydama ýaşyl öwüsýän bag nahallarynyň seçilip alynmagy möhüm talap hökmünde kesgitlenendir.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyp, ýurdumyzyň ussat bagbanlarynyň ösdürip ýetişdiren türkmen arçasynyň nahallarynyň şu gezekki bag ekmek möwsüminde köpçülikleýin ekilmegini teklip edýändikleri barada hasabat berdiler.
«Türkmenistan» gazeti