1-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täzeçil tehnologiýalar esasynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheriň çäklerinde gurulmagy hem-de döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Häzirki döwürde Milli Liderimiziň başlangyjy bilen binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işleriň depgini barha ýokarlanýar. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Arkadag şäherinde gurulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly binalaryň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna we gurluşyk işlerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny we milli binagärlik ýörelgelerini özünde jemleýän, “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherine geldi.
Täze şäheriň özboluşly binagärlik aýratynlyklary, onuň gözellik derejesi ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede amala aşyrylýandygyny görkezýär. Munuň özi şäheriň gün-günden gözelleşýän keşbinde öz beýanyny tapýar. Şunda Arkadag şäheriniň ilatynyň ýokary derejeli eşretlerden peýdalanyp, maşgala mukaddesligini goramagyny, ýaşlaryň arasynda milli mukaddesliklere bolan söýginiň ösdürilmegini üpjün etmek ugrunda köpçülikleýin tagallalary zerurdyr.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň we beýleki binalaryň taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.
«Türkmenistan» gazeti