29-njy noýabrda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik sungatynyň aýdyň nyşany hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherinde bolup, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.
...Ir bilen Gahryman Arkadagymyz häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary bilen milli binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine barýan ýoluň ugrundaky aýlawly çatrykda ýerleşýän “Polatly” binasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde döwrebaplaşdyrylýan “Ahalteke atlary” şaýolunyň ugrunda degişli işler ýaýbaňlandyryldy. Bu künjekden “akylly” şäher seleňläp görünýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde “Ahalteke atlary” şaýoluny döwrebaplaşdyrmak bilen bagly ýerine ýetirilýän işler barada giňişleýin maglumat berdi.
Milli Liderimiz ýoluň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň hiline we berkligine möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Şunda ýoluň her bir gatlagynyň gurluşygy, onuň düşekleriniň galyňlyk ölçegi häzirki zaman talaplaryna, dünýäniň ösen tejribesine laýyk gelmelidir. Munuň özi ýoluň tekizligini, sürüjiler üçin rahatlygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, onuň uzak möhletleýinligini hem şertlendirer. “Şol bir wagtyň özünde onuň ugrunda oturdylýan şekilleriň, ýol belgileriniň göze gelüwli bolmagyna, ýanýodalaryň, atlaryň gezim edýän ýollarynyň gurluşygyna toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir” diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda öz maslahatlaryny berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýol ýakasyndaky germewleriň sazlaşygynda döwrüň binagärlik usullarynyň netijeli ulanylmalydygyny, bu ugurdaky işlerde halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli ýörelgeleriniň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy. Hormatly Arkadagymyz aýlawly ýoluň merkezinde oturdylan Polatly atly bedewiň we onuň çäklerinde ýerleşdirilen ahalteke bedewleriniň heýkelleriniň reňk sazlaşygyna ösen tejribeler esasynda çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Bu işler Diýarymyzda Polatly, Akhan ýaly ady rowaýata öwrülen şöhratly bedewlere goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanyna öwrülmelidir. Olar Arkadag şäherine gelýän myhmanlarda oňyn täsirleri galdyrmalydyr. Milli Liderimiz “Ahalteke atlary” şaýolunyň, “Polatly” we “Akhan” monumentleriniň bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi, bu künjegiň ekologik derejesiniň üpjün edilmegi barada maslahatlaryny berdi.
«Türkmenistan» gazeti