logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ BAE-niň WEKILLERI BILEN DUŞUŞDY

14-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber, BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui, Daşary işler ministrliginiň döwlet ministri Ahmed Al-Saýeg bilen duşuşdy.

Dostlukly ýurduň döwlet düzümleriniň wekilleri duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, BAE-de Türkmenistan bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini bellediler hem-de pursatdan peýdalanyp, Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylarynyň Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdiler. Şeýle-de dostlukly ýurduň wekilleri hormatly Prezidentimiz bilen geçirilen şu günki duşuşygyň möhüm ähmiýetini bellediler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri doganlyk ýurt bolan Birleşen Arap Emirlikleriniň resmi wekiliýeti hökmünde Türkmenistana sapar bilen gelendikleri üçin myhmanlara minnetdarlyk bildirdi we bu saparyň halklarymyzyň arasyndaky ýakyn, ynanyşykly özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana, wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma, wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana iň gowy arzuwlaryny beýan edip, olary özleri üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge uly hormat bilen çagyrýandygy baradaky sözlerini ýetirmegi myhmanlardan haýyş etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleri syýasy-ykdysady, durmuş üpjünçiligi ulgamlarynda Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşydyr. Halkara hem-de sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça ýurtlarymyzyň garaýyşlary gabat gelýär ýa-da ýakyndyr. Bu bolsa dürli halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň, YHG-nyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik berýär.

«Türkmenistan» gazeti