logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ FEDERAL ÝYGNAGYNYŇ FEDERASIÝA GEŇEŞINIŇ BAŞLYGYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ FEDERAL ÝYGNAGYNYŇ FEDERASIÝA GEŇEŞINIŇ BAŞLYGYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

18-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlugy we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan uly şahsy goşandy üçin Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Walentina Matwiýenkonyň köp ýyllaryň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň ýolbaşçylarynyň biri, Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory, Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy hökmünde döwlet we halkara işleri işjeň alyp barmak bilen, däp bolan ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.

RF-niň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek babatda alyp barýan işine beren ýokary bahasy üçin hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza ýetip gelýän Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi we Russiýanyň iki döwletiň halklarynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak ugruna berk ygrarlydygyny tassyklady.

Söhbetdeşligiň dowamynda Milli Liderimiz Türkmenistanda Russiýa Federasiýasy bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini hem-de ýurdumyzyň dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini artdyrmaga çalyşýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň häzirki wagtda, şeýle hem uzak möhletli geljekde bu işde möhüm orun eýelejekdigine berk ynam bildirildi.

«Türkmenistan» gazeti