logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ GARAŞSYZLYK GÜNÜNE GÖRÜLÝÄN TAÝÝARLYK IŞLERINIŇ BARŞY BILEN TANYŞDY

24-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Aşgabat atçylyk sport toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleri we toplumyň döwrebaplaşdyrylyşy bilen tanyşdy.

Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, olaryň dünýädäki şöhratyny belende götermek bilen bagly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Bu bolsa toý-baýramlaryň bezegine öwrülen bedewleriň halkymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýändigini görkezýär.

...Häzirki wagtda Aşgabat atçylyk sport toplumynda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyna taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Toplumyň döwrebaplaşdyrylmagy onuň keşbine özboluşly öwüşgin çaýdy. Milli Liderimiz bu ýerde amala aşyrylan işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, olaryň baýramçylyk dabaralaryny guramaçylykly geçirmekde, at çapyşyklarynyň ýokary derejesini üpjün etmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna ünsi çekdi.

Atçylyk sport toplumynyň tutuş çägi häzirki zaman talaplaryna we ýokary ekologik derejä laýyklykda döwrebaplaşdyryldy. Şeýlelikde, ol halkara görkezijilere gabat gelýän ýokary netijeli atçylyk sport toplumyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz toplumyň ekologik ýagdaýynyň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny, bu ýerde döredilýän gök zolaklaryň ugurdaş desgalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini belledi.

Milli Liderimiz türkmen halkynyň “At agynan ýerde toý bolar” diýen paýhasly jümlesinden ugur alnyp, ahalteke bedewleriniň ýurdumyzda bellenilýän toý-baýramlaryň esasy bezegine öwrülendigini aýdyp, bu ýerde bedewlerdir çapyksuwarlar üçin bolşy ýaly, dabaralara gatnaşjak köp sanly myhmanlar, janköýerler üçin hem ähli zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi. Şunda baýramçylyk çapyşyklarynyň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy at çapyşyklary mynasybetli guraljak dabaralaryň medeni maksatnamasynyň hemmetaraplaýyn esasda taýýarlanylmalydygyny aýdyp, baýramçylyk günlerinde ýaýbaňlandyryljak çykyşlaryň halkymyzyň durmuşynda mäkäm orun alan ahalteke bedewleriniň şöhratynyň özboluşly waspyna öwrülmelidigini nygtady.

«Türkmenistan gazeti»