logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ HALKARA ÇÄRELERIŇ GEÇIRILJEK DESGALARYNYŇ TAÝÝARLYK DEREJESI BILEN TANYŞDY

9-njy iýulda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir säher bilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde dürli derejedäki duşuşyklaryň geçiriljek ýeri bolan Kongresler merkezine geldi. Hazaryň kenaryndaky ajaýyp künjekde ýerleşýän bu merkez özüniň binagärlik çözgüdi netijesinde Awazanyň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşykly utgaşýar.

Bary-ýogy birnäçe ýylyň içinde ýurdumyzyň jana şypaly bu künjegi tanalmaz derejede düýpli özgerdi. Häzir bu ýerde köp sanly kaşaň myhmanhanalar, kottej şäherjikleri, seýilgähler, dynç alyş we şypahana düzümleri halkyň hyzmatynda. Gözel tebigatyň ekologik derejesi, Awaza derýasy bu ýerde ýakymly howa gurşawynyň emele gelmegini şertlendirýär. Säher bilen Günüň dogýan çaglarynda Hazaryň kenarynyň howasy, aýratyn-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gurşawy ynsan üçin has-da ýakymly. Munuň özi, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, deňziň kenarynda-da ýokary ekologik ýagdaýy saklamak ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir. Ilatyň saglygyny berkitmek, adamlaryň ýokary derejeli dynç alşyny ýola goýmak we jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

...Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Gahryman Arkadagymyz keşbi düýpli özgeren we bagy-bossanlyga bürenen Awazanyň çäklerini synlady. Bu ýerde her ýylda köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegi netijesinde, deňziň kenaryndaky tokaý zolaklarynyň çäginde saýaly baglara beslenen seýilgähleriň sany artdy. Adamlaryň gezelenç etmekleri, amatly dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikleri özünde jemleýän dynç alyş zolagynyň şertleri häzirki zamanyň ösen talaplaryna hem-de ýokary halkara görkezijilere doly kybap gelýär. Munuň özi ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek, gözel tebigatymyzy, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, biodürlüligi baýlaşdyrmak ugrunda giň möçberli işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.