logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ «PETRONAS» KOMPANIÝASYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞDY

14-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň wekilleri-kompaniýanyň ýolbaşçysy Tan Şri Tengku Muhammad Taufik, Ýerine ýetiriji wise-prezidenti Mohd Jukris Abdul Wahab, halkara aktiwler boýunça wise-prezidenti Mohd Redhani Abdul Rahman bilen duşuşdy.

Myhmanlar wagt tapyp duşuşandygy üçin Milli Liderimize hoşallyk bildirip, Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini bellediler hem-de ony pugtalandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň şahsy goşandyna aýratyn üns çekdiler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «PETRONAS» kompaniýasynyň wekillerini mähirli mübärekläp, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň 30 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýändigini we bu döwürde hyzmatdaşlygyň baý tejribesiniň toplanandygyny, şertnama-hukuk binýadynyň döredilendigini kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz kompaniýanyň alyp barýan işi üçin hormatly Prezidentimiziň minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Ýokary derejede guralýan özara saparlar we duşuşyklar barada aýdyp, Milli Liderimiz Malaýziýanyň Premýer-ministrleriniň ýurdumyza birnäçe gezek sapar bilen gelendiklerini, Türkmenistanyň Prezidentiniň hem Malaýziýa döwlet we resmi saparlarynyň guralandygyny belledi.

«Türkmenistan» gazeti