16-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady we şol ýerde hormatly myhman hökmünde “Russiýa-Yslam dünýäsi: Kazan Forum 2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşdy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek däp bolan dostlukly türkmen-rus dialogynyň aýrylmaz bölegidir. Doganlyk Tatarystan bilen köpýyllyk netijeli gatnaşyklar hem munuň aýdyň mysalydyr. Şol gatnaşyklar özara bähbitlilik we uzak möhletleýinlik ýörelgeleri esasynda guralýar. Dürli derejelerde yzygiderli geçirilýän duşuşyklardyr gepleşikler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýadyny emele getirýär. Soňky ýyllarda köpugurly türkmen-tatar gatnaşyklaryna hil taýdan täze itergi berildi. Özara gatnaşyklaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmakda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki iş toparyna möhüm orun degişlidir. Onuň mejlislerinde hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri, gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmak boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşylýar, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de täze mümkinçilikleri nazara almak bilen, özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary anyklaşdyrylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Kazana bu gezekki sapary hem RF-niň Tatarystan Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy, umuman, Russiýa Federasiýasy bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýolunda nobatdaky ädim bolar. Ýurdumyzyň yslam dünýäsiniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy-da okgunly ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji we 2024-nji ýyllarda hormatly myhman hökmünde “Russiýa-Yslam dünýäsi: Kazan Forum” halkara ykdysady forumlaryna gatnaşandygyny bellemek gerek. Ýurdumyzyň wekiliýeti-de 2009-njy ýyldan bäri her ýyl geçirilýän bu wekilçilikli duşuşyga ençeme gezek gatnaşdy.
«Türkmenistan» gazeti