logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY

4-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Türkmenbaşynyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhman asylly däbe laýyklykda, duz-çörek bilen garşylanyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri dostlukly ýurduň Baştutanyny mähirli mübärekläp, ony türkmen topragynda görýändigine örän şatdygyny aýtdy.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon sazlaşykly ösüş ýoluna düşen we kuwwatly ykdysadyýeti bolan Türkmenistanda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirdi hem-de dünýä ähmiýetli foruma gatnaşmagyň özi üçin uly mertebedigini nygtady. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde döwletara gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda işjeň ösdürilýär. Şunda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär.

Duşuşygyň dowamynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyň işiniň netijeli boljakdygyna, şeýle hem forumyň çäklerinde gazanyljak ylalaşyklaryň gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň durnukly ösmegine oňyn täsir etjekdigine ynam bildirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Gahryman Arkadagymyz we dostlukly döwletiň Baştutany maslahatyň çäklerinde garaljak meseleleriň özara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ilerledilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.