logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY

7-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjana iş saparynyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygy boldy.

Dostlukly ýurduň Lideri Gahryman Arkadagymyzy mähirli mübärekläp, Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmaga çakylygy kabul edip, Azerbaýjana gelendigi üçin hoşallygyny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sammite gatnaşmaga çakylyk, şeýle hem ikiçäk duşuşykda döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Azerbaýjanyň Prezidenti döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny beýan edip, Azerbaýjanyň Türkmenistan bilen doganlyk gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly şahsy goşandy üçin Prezident Ilham Aliýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýylyňaw gustynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna Azerbaýjanyň wekiliýetiniň Premýer-ministr derejesinde gatnaşandygy üçin sagbolsun aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň arasynda ýola goýlan, dostluk we ynanyşmak esasynda alnyp barylýan ýokary derejeli gatnaşyklar özara bähbitli hyzmatdaşlyga yzygiderli itergi berýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz şu ýyl Prezident Ilham Aliýew bilen üçünji gezek duşuşýandygyny, 16-17-nji iýulda Azerbaýjana bolan saparynyň, 22-nji awgustda Ilham Aliýewiň Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde geçirilen duşuşyklary ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Şol gepleşiklerde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, ony has-da ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň pugta binýady döredildi. Häzirki wagtda doganlyk gatnaşyklarymyz hil taýdan täze derejä çykaryldy. Şunuň bilen baglylykda, dünýä we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň gabat gelýändigi we ýakyndygy aýdyldy. Milli Liderimiz Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyna, halkara başlangyçlaryna yzygiderli goldaw berýändigi üçin azerbaýjan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.


«Türkmenistan» gazeti