24-nji noýabrda Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dekabr aýynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşmak üçin Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde 2025-nji ýylyň“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen, türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.
Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Hazaryň ajaýyp kenarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň döredilmegi teklip edilýän ýere geldi.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen dünýä derejeli syýahatçylyk we dynç alyş şertlerini özünde jemleýän zolaga öwrüldi. Awaza iri forumlaryň, halkara çäreleriň geçirilýän ýeri hökmünde giňden ykrar edilýär. Gaznanyň şahamçasynyň ýerleşmegi teklip edilýän binany oňlap, Gahryman Arkadagymyz bu ýerde döredilen şertler we şahamçanyň netijeli işini ýola goýmakda möhüm ähmiýeti bolan mümkinçilikler bilen içgin tanyşdy. Bu ýerde öňde durýan wezipeleri kesgitlemek, täze başlangyçlary öňe sürmek boýunça iş alyp barjak hünärmenleriň netijeli işlemekleri üçin ähli amatlyklar döredilipdir.
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentleri R.Bazarowa we O.Atabaýewa ýüzlenip, halkara maslahatyň öňüsyrasynda gaznanyň şahamçasynyň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek babatda maslahatlaryny berdi. Munuň özi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetirer hem-de gaznanyň işini köptaraply esasda alyp barmaga mümkinçilik döreder. Şunda bu işleriň halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden ynsanperwer ýörelgeleriniň döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilmeginde ähmiýetlidigine üns çekildi.
Häzirki döwürde haýyr-sahawat gaznasy diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara giňişlikde-de ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän düzüme öwrüldi. Munuň özi ýaş nesilleriň sagdyn ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Soňky ýyllarda gaznanyň serişdeleriniň hasabyna bejergi alan çagalaryň saglygy dikeldildi. Munuň özi ýurdumyzda adamlaryň, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy baradaky aladanyň hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýandygyny görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgelerine höwesli bolmaklary ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şunda olaryň saglygyny bejermek işiniň bedenterbiýe we sport bilen utgaşdyrylmagyna zerur üns berilýär.
«Türkmenistan» gazeti