logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ WE AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDAKY GEPLEŞIKLER

22-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmak üçin Balkan welaýatyna ugrady.

Ir bilen Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasyndan çykyp, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline tarap ugrady. Bu ýerde Milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Az salymdan hormatly Arkadagymyzyň uçary Türkmenbaşynyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Ýokary derejeli üç taraplaýyn duşuşygy kabul edýän kenarýaka şäheriň Halkara howa menzilinde dostlukly ýurtlaryň Döwlet baýdaklary parlaýar.

Häzirki döwürde Türkmenistan, Azerbaýjan Respublikasy we Özbegistan Respublikasy syýasy-diplomatik ulgamda bolşy ýaly, beýleki ugurlarda-da netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu bolsa sebitde ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň esasy şerti bolup durýar. Goňşy döwletleriň arasyndaky ýokary derejeli duşuşygyň Hazar deňziniň kenarynda geçirilmeginde çuňňur many bar. Munuň özi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ýokary derejeli halkara çäreleriň geçirilýän mekany hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenbaşynyň Halkara howa menzilinden soňky ýyllarda keşbi düýpli özgeren «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna tarap ugrady. Syýahatçylyk zolagyna barýan, ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýän ýollar onuň häzirki zaman amatlyklaryny özünde jemleýän binalary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky ýokary derejeli duşuşygy kabul edýän Awazada ekologik meseleleriň oňyn çözülýändigini aňladýan görnüşler göwnüňi göterýär. Bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän tokaý zolaklaryny döretmek strategiýasynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.