logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDAKY GEPLEŞIKLER

22-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Belent mertebeli myhman Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan üçtaraplaýyn duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza iş sapary bilen geldi.

Bu şanly waka mynasybetli üç döwletiň baýdaklary bilen bezelen Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhman türkmen halkynyň milli myhmansöýerlik däplerine laýyklykda, mähirli garşylanyldy. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçip, howa menzilinden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna tarap ugrady. Dostlukly ýurduň Lideriniň ulag kerweni Awazanyň döwrebap ýollary bilen ýokary derejeli duşuşygyň geçirilýän ýeri bolan Kongresler merkezine tarap ýola düşdi.

Häzirki döwürde ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijesinde türkmen-özbek döwletara hyzmatdaşlygy ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy. Özbegistan Respublikasy şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda daşary söwda dolanyşygy boýunça Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk edýän ýurtlarynyň hatarynda bäşinji orny eýeleýär. Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bu möhüm görkezijisi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda eksport-import amallarynyň ösüş depgini durnukly derejede saklanýar. Aýratyn-da, daşdan, gipsden we sementden taýýarlanylýan, metal, keramika, aýna we aýna önümleri Türkmenistanyň Özbegistana eksportynyň esasy ugurlary bolup durýar. Bu ugruň ösüş depginleri bolsa yzygiderli ýokarlanýar. Munuň özi iki doganlyk ýurduň senagat kärhanalarynyň, işewür düzümleriniň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine we bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýändiginiň beýanydyr.