5-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşima bilen duşuşdy.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Ýaponiýada Türkmenistan bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi we pursatdan peýdalanyp, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň hem-de Premýer-ministri Sigeru Isibanyň Gahryman Arkadagymyza iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Milli Liderimiz myhmany mähirli mübärekläp, Imperator Naruhito hem-de Premýer-ministr Sigeru Isiba berk jan saglyk, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Akihisa Nagaşimanyň ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga goşant boljakdygyna ynam bildirip, saparyň dowamynda geçiriljek gepleşikleriň netijeli bolmagyny arzuw etdi.
«Türkmenistan» gazeti