«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde, Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat» hem-de «Arşyň nepisligi» atly kitaplarynda türkmen halylarynyň waspy hakynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgurban Gaşlakowa, «Esger» gazetiniň uly habarçysy, ýaş şahyr Ogulnur Pirjikowa, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň muzeý gymmatlyklaryny hasaba alyş we saklaýyş bölüminiň esasy hünärmeni Aýjemal Rahymowa dagy gatnaşdylar. Olar çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyz «Janly rowaýat» hem-de «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp kitaplarynda türkmen halylary hakynda gymmatly maglumatlary beýan edýär. Milli halyçylyk sungatymyzyň, nepis türkmen halylarynyň gözelliginiň, owadanlygynyň dünýäde uly meşhurlyga eýedigini parasatlylyk bilen belläp geçýär. Gahryman Arkadagymyz «Arşyň nepisligi» atly kitabynda: «Men her gezek törlerimize gelşik, zenanlarymyzyň hereketine ýaraşyk berýän türkmen halysyny synlanymda, oýlarym bilen alyslara gidýärin. Ol ýerden nusganyň galyplaryny düzýän ülüşleri agtarmaga ýykgyn edýärin.
Onuň başlangyjy – tebigat diýip hem pikire gelýärin. Tebigata mähir bilen garan pursadyňda, ol öz goýnunda nepesini durlan ynsanlaryň dünýäsinden söz açýar. Şonda olara, goý, näçe aralyk bolsun, düşünip bolýar.» diýmek bilen, türkmen halylaryna bolan çuňňur garaýyşlaryny aýdyň açyp görkezýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dokalýan nepis halylarymyzyň her bir çitimi, her bir öýdümi mähriban Watanymyzyň gözelligini, ösüşlerini, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işlerini wasp edýän ajaýyp eserler bolup taryha girýär.
Türkmen halysy türkmeniň kalbynyň, milliliginiň, päkliginiň, belent ahlaklylygynyň we gözelliginiň çeper beýanydyr. Nepisligi, öwşün atýan reňkleri bilen göreni haýrana goýýan bu ajaýyp halylaryň şöhratynyň has-da beýgelmeginde biziň çeper elli enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň hyzmaty örän uludyr. Muzeýde ussat suratkeşlerimiziň çeper elli halyçylarymyzyň haly dokaýan pursatlaryny açyp görkezýän ençeme eserleriniň bardygyny, bu eserleriň ilkinji nobatda ünsüňi egleýändigini olar çykyşlarynda nygtadylar.
Söhbetdeşlige gatnaşanlar halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň sarpasyny belende göterýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň hemişe uly rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.