Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Arkadag şäher häkimliginde “Türkmen halysy – gözelligiň nusgasy” atly türkmen halysynyň güni mynasybetli söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi. Däp bolşy ýaly, ýurdumyzda her ýyl maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň baýramy bellenilýär. Bu baýram hakykatdan-da, ählihalk baýramçylygy bolup, türkmen halkynyň ussatlary diýlip hasaplanýan halyçy zenanlara uly hormat goýul-ýandygyny äşgär edýär. Tutuş dünýäde ajaýyp haly önümlerine belent sarpa goýulýar we olara uly isleg bildirilýär. Milli sungatymyza uly gadyr goýýan we ony wagyz edýän Gahryman Arkadagymyz özüniň “Arşyň nepisligi”, “Janly rowaýat” atly kitaplarynda bu özboluşly amaly-haşam sungaty bolan halyçylyk sungatynyň gadymy ýörelgeleri barada inçelik bilen beýan edýär. Ine şular dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda täsirli gürrüňleri berdiler.
Dabaraly duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň şöhratly geçmişinde we şu gününde maddy medeni gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna, çeper döredijilige uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.