Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy bilen “Türkmen haly” Döwlet birleşiginiň, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda “Türkmen halysy – nepisligiň nusgasy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi we “Altyn asyr” teleýaýlymynyň “Bagtyýardyr iller Watan” gepleşiginde ýazgy edildi.
Çärede çykyş edenler asyl nusgasyny gadymy döwürleriň jümmüşinden alyp gaýdýan haly sungaty, türkmen halylarynyň gözelligi bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan ruhyny galkyndyrýan baý öwüşginli, gözelligi, nepisligi bilen göreni haýrana goýýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen milli halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklarynyň jemlenendigi barada aýtdylar.
Çäräniň ahyrynda milli gymmatlyklarymyz bolan nepis halylarymyzy dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.