logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Türkmen halysy- zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, Aşgabat şäher komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda milli baýlygymyz bolan Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli “Türkmen halysy- zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik” atly dabaraly çäre geçirildi. Dabara kitaphana işgärleri, haly sungatyna sarpa goýýan halyçy gelin-gyzlarymyz we myhmanlar gatnaşdylar. Çärede türkmen halysynyň halkymyzyň milli buýsanjy, gadymy medeniýetimiziň ajaýyp nusgasy we zenanlarymyzyň çeper el hünäriniň beýik miwesi bolup durýandygy barada täsirli çykyşlar edildi. Türkmen halysynyň diňe bir öýleriň bezegi bolman, eýsem halkymyzyň ruhy dünýäsini, gözellik duýgusyny, zähmetsöýerligini we milli däp- dessurlaryny özünde jemleýän mukaddes gymmatlykdygy nygtaldy. Haly gölleriniň her birinde halkymyzyň taryhy, arzuw-islegi, durmuş pelsepesi we Watana bolan söýgüsi şöhlelenýär.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar.