Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda türkmen halysynyň Milli baýramy mynasybetli «Türkmen halysynyň dünýä meşhurlygy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň asyrlar jümmüşinden gaýdýan gözellik gudraty bolan ajaýyp hem nepis halylary, dokamagyň inçe syrlary, ene-mamalarymyzyň yhlas-paýhasyndan, mähir-muhabbetinden dörän haly-palaslarymyzy dünýä tanatmakda alnyp barylýan işler, ýurdumyzda halyçy gelin-gyzlarymyza goýulýan hormat-sylaglar hakynda Gahryman Arkadagymyzyň “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” ýaly kitaplarynyň üsti bilen beren gürrüňleri okyjylarda uly täsir galdyrdy. Çeper elli zenanlarymyzyň diňe bir haly dokamak bilen çäklenmän, eýsem düýelerde we atlarda ulanylýan haly önümlerini hem hut öz elleri bilen dokandyklaryny, öýlerimiziň we toýlarymyzyň bezegi bolup biziň şu günlerimize gelendigi hakynda öwran-öwran aýtdylar.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli mirasymyza uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.