Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her bir ýyly özüne mynasyp at bilen atlandyrylýar. 2025–nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip atlandyryldy. Bu şygaryň esasynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda dost-doganlyk, goňşuçylyk, agzybirlik gatnaşyklaryny berkidýän dürli möçberdäki dabaralar, ylmy-amaly konferensiýalar, aýdym-sazly duşuşyklar geçirilýär. Şeýle hem halkara derejesindäki çäreler ýokary derejede alnyp barylýar. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ỳylynyň» ilkinji dost-doganlyk aragatnaşygyny has-da pugtalandyrỳan duỳgy dünýäsiniň wekilleriniň 18-nji «Prawasi Bharatiỳa Diwas», we ady rowaýata öwrülen kino aktỳory, režissiỳory Radj Kapuryň 100 ýyllygyna bagyşlap Türkmenistandaky Hindistan respublikasynyň ilçihanasynyň we Türkmenistanyň medeniỳet ministrliginiň bilelikde geçiren konsertde, başyndan soňuna çenli Türkmenistanyň döwlet simfoniki orkestri, Türkmenistanyň at gazanan artisti Rasul Gylyjowyň dirižỳorlyk etmeginde ỳokary derejede çykyş edip, ähli saz söỳüjilere şatlyk, mähir paỳladylar. Ỳeri gelende döwlet simfoniki orkestriniň 2024–nji ýyl «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ỳylynda gazanan üstünlikleriniň birini ỳatlap geçsek has dogry bolar diỳip pikir edỳärin. Türkmenistanyň döwlet simfoniki orkestri Awstriỳanyň Wena şäherinde «Bir gelejek–gözel gelejek (Одно будущее–лучшее будущее)» şygary bilen geçirilen 10-njy bütindünỳä orkestrleriň festiwalynda 1-nji orna (gyzyl baỳraga) mynasyp boldy. Şu pursatdan peỳdalanyp orkestriň ähli sazandalaryny we dirižỳoryny gyzgyn gutlaỳaryn. Geçirilen konsertde her saz we kino söỳüjileri az pursat bolsada ỳaşlygyna dolanyp gelendir diỳip pikir edỳärin, sebäbi ỳerine ỳetirilen aỳdymlara görä uly mawy ekranda «Wir we Zara» (kompozitor Madan Mohan) «Bobbi» (kompozitor Maỳkl Barret režissỳory Raji Kapur) «Tansor disko» (kompozitor Bappi Laheri) «Zita we Gita» (kompozitor Rahul Dew Burman) kinolarynyň bölekleri görkezildi. Türkmen ỳaş aỳdymçylarynyň hindi dilinde aỳdymlary aỳtmagy bu ỳaşlarymyzyň hemme taraplaỳyn ukyplydygyna şaỳatlyk edỳär.
Ähli konsert zalyny dolduryp oturan adamlar öz ene dilinde aỳdym aỳdylỳan ỳaly uly lezzet bilen, mähir-muhebbet bilen diňlediler. «Ali baba we onuň 40 garakçysy» kinofilimiden «Khatouba» aỳdymyny Täçnabat Ỳomudowanyň arassa heňde we labyzly aỳdyşy hem gaỳtalamasy gelende orkestriň sazandalarynyň aỳdyma goşulmasy has-da konsertiň reňkine reňk goşdy. Bu konsert sungat muşdaklarynyň köp wagtlap hakydasyndan çykmaz. Hindi aỳdym-sazlary owadan heňi we älemgoşaryň 7 reňkiniň öwüşgüni bilen özüne maỳyl edỳär. Maỳa Kulyỳewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriỳasynyň bagtyỳar talyplary ỳurdumyzdaky hereket edỳän abraỳly orkestrlerinde öz bilimlerini iş tejribeleri bilen utgaşykly alyp baryp bilỳändiklerine, gelejekde öz hünärleriniň ussatlary boljakdyklaryna ynanỳarys. Şeỳle ỳürege baryjy konsertleriň köp bolmagyny, Döwlet simfoniki orkestrinde zähmet çekỳän her bir sazanda we dirižỳora täze ỳylymyzda rowaçlyk arzuw edỳärin.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda şeýle täsirli medeni çäreleriniň höwri köp bolsun. Şu pursatdan peýdalanyp türkmen medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge giň mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys.