logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMEN ILI TOÝ TUTDY

Bahar paslynyň gelmegi bilen ene topraga ýyly gidip, tebigat janlanýar. Sähra-düzlerimiziň ýaşyl begrese beslenip, gülälekdir jümjümeleriň, kömelekleriň, älemgoşaryň peýda bolmagy, türkmen tebigatynyň läle-reýhanlygynyň ajaýyp görnüşidir.

Halkymyz durmuşyny tebigat bilen hemişe baglanyşdyrypdyr. Janly tebigatdan ylham almak, adamyň Watanyna bolan söýgüsini has-da artdyrýar. Ýaşyl don geýnen sähra çykanda, ynsan kalby ruhy joşguna eýe bolýar. Halkymyzyň kalbynyň şahyranalygy bolsa, gözel tebigatymyzyň serpaýydyr.

Jümleýi-jahany gözellige besläp, bereketli türkmen topragyna Nowruz geldi. Söz ussady Magtymguly Pyragynyň «Duman peýda» atly şygrynda:

Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,

Ebrler owaz urup, dag kylar duman peýda.

diýip, beýan eden Nowruz baýramy, özi bilen ýaz durmuşyny alyp gelýär. Nowruzdan soň babadaýhanlar ekerançylyk işlerine gyzgalaňly girişýärler. «Ýylyň gelşi Nowruzyndan bellidir», «Nowruz geçiniň şahyny ezse, hasyla garaş» diýen pähimlerem bu baýramyň ekerançylyk ähmiýetlidigini aýan edýär. Täze ýylyň berekediniň düýbi ýagşy arzuw-niýet bilen tutulýar. Nowruz her bir adamy täze tutumlara ruhlandyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň taryhy, ruhy-medeni gymmatlyklary döwlet tarapyndan goralyp, aýawly saklanylýar. Olaryň iň görnükli nusgalaryny ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizmekde uly işler alnyp barylýar. 2016-njy ýylda Owganystan, Azerbaýjan, Hindistan, Eýran Yslam Respublikasy, Yrak, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Pakistan, Täjigistan, Türkmenistan, Türkiýe döwletler topary tarapyndan hödürlenen Nowruz baýramynyň ajaýyp däp-dessurlarynyň ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizilmegi muňa aýdyň subutnamadyr.

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Nowruz bu gün halklaryň arasyndaky agzybirligi, dost-doganlygy berkitmekde möhüm orna eýedir. Şoňa laýyklykda, 21-nji mart Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda, Halkara Nowruz güni diýlip yglan edildi. Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni Türkmenistan döwletimizde dabaraly bellenýär.

Türki halklaryň ählisinde diýen ýaly giňden bellenýän, Nowruz baýramy ynsanlaryň birek-birege bolan hoşniýetli gatnaşygyny, agzybirligini, halklaryň medeni hyzmatdaşlygyny we özara düşünişmegini üpjün edýän baýramdyr. Ruhy medeniýetiň ýitip gitmezliginde hem Nowruz baýramynyň orny uludyr. Bu baýramçylykda milli däp-dessurlarymyz, aýdym-sazlarymyz, tans, folklor-etnografik eserlerimiz ýerine ýetirilýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň giňden bellenýän, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda, Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki «Nowruz ýaýlasynda» baýramçylyk dabarasy geçirildi.

«Nowruz ýaýlasynyň» baş girelgesiniň öňünde, ýurdumyzyň medeniýet, sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiziň Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli türkmen halkyna iberen Gutlagy okaldy.

Derwezäniň dabaraly açylmagy bilen, ýurdumyzyň körpe nesilleri çeper okaýyş çykyşlaryny joşgunly ýerine ýetirdiler.

Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli guralan dabaralar birnäçe ugry öz içine aldy. Ýurdumyzyň artistleri hem-de tans toparlary Nowruz baýramy bellenýän ýurtlaryň dost-doganlygyny belentden wasp edýän milli dap-dessurlary, tanslary ezberlik bilen ýerine ýetirdiler. Bu çykyşlar halklaryň parahatçylyga, dost-doganlyga, jebislige goýýan hormat-sarpasynyň çäksizdigini dabaralandyrdy.

Milli usul-tärlere laýyklykda, ýüň saýmak, egirmek, keçe basmak hem-de haly dokamak ýaly el işlerimiziň, myhmansöýerlik däplerimiziň, gelnalyja gelen myhmanlara duz-tagam hödür etmek hem-de gyzy göçürmek bilen bagly toý däp-dessurlarymyzyň dabaralandyrylmagy, milli tagamlaryň taýýarlanyşynyň, bagşy-sazandalaryň çykyşlarynyň, zenanlaryň tikin-çatyn, öý işleri bilen meşgullanyşynyň görkezilmegi baýramçylygyň ähmiýetini hem-de giň many-mazmunyny açyp görkezdi.

Türkmen ojagynda tutulýan durmuş-bagt toýunyň gelnalyjy dessurynyň milli ýörelgeleriniň, süýjilik seçilip, aýdym-sazly tomaşa, şowhun bilen gelniň garşy alnyşyny, toý gününde pişme, gatlama ýaly milli tagamlaryň taýýarlanyp, bagşy-sazandalaryň çykyşlaryny, zenanlaryň toý aýdymlaryny ýerine ýetirişlerini daşary ýurtly myhmanlar we dabara gatnaşyjylar uly joşgun bilen synladylar.

Dabarada dessançy bagşy-sazandalaryň, folklor-etnografik döredijilik toparlarynyň çykyşlaryna uly orun berildi.

Milli saz gurallaryň we neçjarçylyk önümleriniň sergisi, gelni çörege çagyrmak dessurynyň berjaý edilişi, «türkmen göreşi», «ýüzük bukdy», «tanap çekdi», «ýaglyga towusdy», «çilik», «aýterek-günterek», «göz daňdy» we beýleki halk oýunlary, darwazlaryň çykyşlary toýuň gyzygyny has-da artdyrdy.

Türkmen atşynaslyk sungaty bilen bagly amaly-haşam, şekillendiriş sungatynyň eserleriniň we at esbaplarynyň sergisine, seýisçilik sungatynyň ajaýyp däp-dessurlaryna hem-de at çapyşygyna tomaşa edildi.

Tüýdükleriň owazy çarwadarlygyň gadymy ýazlag däpleri ak sähranyň goýnunda janlandyrylyp, owlak-guzy möwsüminiň, gyrkym dessurynyň, türkmen tebigatynyň gözellikleriniň çygrynda tazy, towşan, türkmen alabaýy ýaly jandarlaryň elguş, käkilik, sülgün, ýaly guşlaryň idedilişine, keremli topragymyzda ýetişýän dermanlyk ot-çöpleriñ sergisi, şeýle hem çal tutmak, süýt önümlerini taýýarlamagyň tejribeleri görkezilip, «Çopan tansy» hem-de gelin-gyzlar ýaýla sanawaçlaryny ruhubelent ýerine ýetirdiler.

Dünýäniň sirk festiwallarynda Altyn kuboga hem-de beýleki ýörite baýraklara eýe bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary, Nowruz desserhanynyň datly milli tagamlary, türkmen aşpezleriniň hem-de dostlukly döwletleriň aşpezlik sungatynyň täsin tejribeleri, nahar taýýarlanyşyň milli özboluşlylyklary dabara gatnaşýan myhmanlara görkezildi. Sergi meýdançasynda oba hojalyk, söwda toplumynyň we balyk hojalygynyň önümleriniň (gök, ter, miwe, azyk, iýmit, balyk, çörek) sergisi guralyp, sahawatly türkmen saçagynda myhmanlara hödür-kerem edildi.

Medeniýet we sungat ussatlarymyzyň aýdym-sazly çykyşlarynda, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgesini dabaralandyrmakda alyp barýan dünýä nusgawy işleri, rysgal-bereket eçilýän ene topragymyz, goýny gül-gülüstan eziz Watanymyz belentden wasp edildi. Gadymy baýramyň dessuryna laýyklykda, Şaman ody ýakyldy.

Ýurdumyzyň medeniýet, sungat ussatlarynyň, tans we döredijilik toparlarynyň, bagşy-sazandalarynyň ýerine ýetiren şatlyk-şagalaňly şowhunly çykyşlary Nowruz ýaýlasyny toýhana öwürdi.

Halkymyzyň medeniýetini, baý sungatyny, däp-dessurlaryny beýan edýän dabaralar ýurdumyzyň abadançylygyny, gülläp ösüşini, döredijilik ýoly bilen öňe barýan ynamly gadamlaryny alamatlandyryp, agzybirligiň, ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň dabarasyna öwrüldi.

Milli medeniýetimiziň gülläp ösmegi, ata-babalarymyzyň däp-dessurlarynyň dowamat dowam bolmagy ugrunda uly işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ähli tutumlary rowaçlyklara beslensin, eziz Watanymyzda toýlar-toýa ulaşsyn!

Ogulgurban GAŞLAKOWA,

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni