logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMEN KEŞDEÇILIK SUNGATY–MILLI MIRASYMYZ

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkezinde «Türkmen keşdeçilik sungaty–milli mirasymyz» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň keşdeçilik sungaty medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup, keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bütin türkmen halkyny begendirendigi, aýratynam gelin-gyzlarymyzyň el hünärine bolan söýgüsini artdyrandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen zenanlarynyň on barmaklaryndan sünnälap ýerine ýetiren el işlerinde, çeken nagyşlarynda olaryň ýürek mähri siňendigi, gelin-gyzlaryň ýiti zehininden dörän keşdeler halkyň ruhy ahwalyndan, geçmiş taryhyndan gözbaş alyp gaýdýandygy barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzyň medeni mirasyny, milliligini aýap saklamakda, dünýä ýaýmakda we geljekki nesillerimize ýetirmek ugrynda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.