logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMEN MANADY-DURNUKLY ÖSÜŞIŇ KEPILI

1-nji noýabrda “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygyna bagyşlanyp “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: türkmen manadynyň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşindäki orny” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň döwlet hem-de paýdarlar täjirçilik banklarynyň, maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň milli pul birliginiň dolanyşyga girizilen senesi ýurdumyzyň Garaşsyzlygy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, ykdysady özygtyýarlylygyň, durnuklylygyň, ösüşiň ýolunda ynamly öňe gitmegiň nyşanydyr. 1993-nji ýylda manadyň dolanyşyga girizilmegi döwlet berkararlygyny üpjün etmekde möhüm ädim boldy. Munuň özi Türkmenistana özbaşdak we durnukly milli ykdysadyýeti döretmäge mümkinçilik berdi. Indi 32 ýyldan bäri türkmen manady öz durnuklylygyny görkezip, ýurdumyzyň oýlanyşykly makroykdysady syýasatynyň beýany bolup durýar. Milli manadymyzyň durnuklylygy raýatlarymyzyň abadan durmuşynyň kepili, maýa goýumlary çekmegiň esasy şertidir. Munuň özi halkara giňişlikde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny pugtalandyrýar hem-de işewürlik üçin amatly şertleri döredýär.

...Maslahatyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasynyň sergisi guraldy.

Maslahatyň gün tertibine milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi bilen ýurdumyzda gazanylýan ykdysady üstünlikler, milli pul-karz syýasatynyň durmuşa geçirilişi, bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy arkaly döwrebap bank hyzmatlarynyň ýola goýulmagy, elektron tölegler ulgamynyň kämilleşdirilmegi, halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyk ýaly meseleler girizildi. Hormatly Prezidentimiziň şanly sene mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärlerine we ähli halkyna iberen Gutlagynda milli pulumyzyň dolanyşyga girizilmeginiň ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, kadaly pul dolanyşygynyň üpjün edilmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy hem-de banklaryň ykdysadyýetimiziň pudaklaryna gönükdirýän karzlarynyň möçberiniň artdyrylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döredendigi bellenilýär. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bank ulgamy çalt depginlerde ösýän ulgamlaryň birine öwrüldi. Oňa döwrebap sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizligi artdyrylýar, edilýän hyzmatlaryň gerimi giňeldilýär hem-de netijeliligi we hili gowulandyrylýar. Milli manadyň ykdysadyýetde dolanyşygy yzygiderli kämilleşýär, täze pul dolanyşygynyň esasynda ykdysadyýetde täze önümçilikleriň sany artýar. Ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Bank ulgamynyň işgärleriniň hünär derejesi yzygiderli kämilleşdirilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda nygtaýar.


«Türkmenistan» gazeti